15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy
we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji
mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, ol Koreýa
Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler.
Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan
ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda,
energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we gurluşyk, oba
hojalygy hem-de balykçylyk ulgamynda, medeniýet, syýahatçylyk, saglygy goraýyş,
standartlaşdyrmak, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim ugurlary
boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Söwda, ykdysady,
ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň
Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak barada degişli Karara gol çekdi. Bu resminama elektron resminama dolanyşygynyň üsti bilen wise-premýere iberildi.