Düýn — 16-ny noýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp,
bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze
binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-önümçilik maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň teklip edilýän ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.
Şeýle-de Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň
binalar toplumynyň hem-de ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň teklip edilýän
baş meýilnamasy, uniwersitetiň ylmy-önümçilik tejribe meýdany, şunda ýüpekçilik
we ösümlikleri goramak işlerini geçirmäge, ot-iýmlik ekinler, miweli baglar,
üzümçilik, ýyladyşhana toplumy, gökçülik we bakjaçylyk, gowaça hem-de bugdaý
ekmek üçin niýetlenen ýer bölekleri, olaryň möçberi, synag meýdançasynyň teklip
edilýän görnüşleri barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düzüm ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda oba hojalyk toplumyna degişli döwrebap binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary, olary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy ugurlary barada aýdyp, bu işleri netijeli ýerine ýetirmegiň toplumyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde ähmiýetli boljakdygyny nygtady we bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.