13-nji maýda Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy geçirildi. Onda ýurdumyzda
hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Umumy ýygnakda şeýle hem guramaçylyk
meselelerine garaldy, oňa laýyklykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.
Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini
hemişe goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalary
durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty üçin tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň abadançylygynyň
bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.