14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew 2019-2025-nji
ýyllarda Senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli kärhanalaryň durkuny
täzelemek, hususylaşdyrmak hem-de täze önümçilikleri gurmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek
maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginde, «Türkmenhimiýa» döwlet
konserninde we «Türkmensenagat» agentliginde hünärmenlerden düzülen ýörite
seljeriş toparynyň döredilendigini habar berdi.
Seljeriş
topary kärhanalary doly kuwwatynda işletmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeläp, döwrebap ýagdaýa getirmek, şeýle hem ýerli
çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen, ekologiýa taýdan arassa,
eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalary gurmak boýunça meýilnamany
işläp taýýarlady.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen
meýilnamalary makullady hem-de olary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere
anyk tabşyryklary berdi.