milli goshun logo
Sebitde ýuwujy serişdeleri öndürýän iň iri kärhana eksportyny artdyrýar
Sebitde ýuwujy serişdeleri öndürýän iň iri kärhana eksportyny artdyrýar
20.11.2019 1855 Habarlar

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyz diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysadyýetli senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalary hususy telekeçiligiň ösmegine güýçli itergi berip, telekeçilere ýokary goşmaça nyrhly harytlaryň dürli görnüşlerini öndürmäge ýol açdy. Şolar ýaly kärhanalaryň biri hem biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda zerur bolan harytlary öndürýän «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy bolup durýar.

Bu hususy kärhana Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Emaý» we «Güneş» atly ýokary hilli elde we awtomatiki usulda ýuwujy serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Şu ýyl ulanmaga berlen kärhana halkara hil standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli ýuwujy serişdeleriniň ýylda 50 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Desgada 150 adamlyk iş orunlary döredildi.

Kärhana hormatly Prezidentimiz tarapyndan hususy telekeçileriň öňünde goýlan ençeme strategiki taýdan ähmiýetli ykdysady wezipeleri birden çözýär. Olaryň içine içerki bazary ýokary hilli importuň ýerini tutýan önümleri bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işlemek, eksport üçin gönükdirilen ýokary goşmaça bahaly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak ýaly işler girýär.

«Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasynyň ýuwujy serişdeleri esasan Balkan welaýatynda ýerleşýän Garabogaz kölünden gazylyp alynýan ýerli ýokary hilli çig malyndan öndürilýär. «Emaý» we «Güneş» ýuwujy serişdeler ýurdumyzdaky alyjylaryň arasynda uly meşhurlyk bilen tapawutlanýar we olar tarapyndan azyk däl harytlaryň arasynda iň ýokary derejeli harytlaryň arasyna goşulýar.

Golaýda hususy kärhana öz harytlarynyň goňşy ýurtlara eksportyny ýola goýdy. Sentýabr aýynda «Türkmen Berk-Metal» kärhanasy tarapyndan öndürilen ýerli ýuwujy serişdeleriniň 77 tonnasy Özbegistana eksport edildi. Biziň telekeçilerimiz tarapyndan bu önümleriniň eksporty Owganystana hem amala aşyrylyp başlady. Häzirki wagtda «Emaý» we «Güneş» ýuwujy serişdelerini ýakyn we alysdaky ýurtlara satuwa çykarmak üçin täze şertnamalary baglaşmak boýunça işler amala aşyrylýar.

«Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy öz öňdebaryjy ornuny berkitmek üçin italiýaly işewürler bilen birnäçe ylalaşyklara ýetdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi iş saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilen biznes-forumda degişli resminamalara gol çekişildi. Şeýle ylalaşyklar kärhanananyň önümçiligini kämilleşdirmäge we onuň görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Öz eksportynyň möçberini artdyrmak üçin kärhanada ähli mümkinçilikleri bar. Onuň öndürýän önümleri häzirki wagtda dünýäde ähli alyjylar üçin uly ähmiýete eýe bolan ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Ony berjaý etmek üçin ýerli telekeçiler öz önümlerinde fosfatlary we düzüminde hlor bolan serişdeleri ulanmakdan ýüz öwürdiler. Belli bolan halkara kompaniýalar tarapyndan çykarylan enjamlaryň kömegi bilen öndürilýän, sebitde öz haryt önümçiligi boýunça ýokary görkezijä eýe bolan kärhananyň ýuwujy serişdeleri halkara hil stadartlaryna laýyk gelip, daşary ýurtlarda öndürilýän meňzeş harytlar bilen aňsatlyk bilen bäsdeşlige girip bilýär.

«Milli goşun».