Ýurdumyzda ozal çykyp giden Mejlisiň
deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalygyna 31-nji martda
geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu gezekki saýlaw
ýurdumyzda milli demokratik ýörelgelere esaslanýan halk häkimiýetliliginiň köp
derejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde nobatdaky ädime öwrüler. Munuň
özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji derejeli talaplarynyň
biridir.
Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda,
dalaşgärleri hödürlemek işleri 30-njy ýanwarda başlandy. Bu
jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde häzirki döwürde Demokratik partiýanyň,
Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň
komitetleriniň, raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär. Şolaryň dowamynda
ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy häkimiýet edarasyna, ýerli wekilçilikli
häkimiýet guramalaryna, öz-özüňi dolandyryş edaralaryna halkyň mynasyp wekilleri
görkezilýär.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň möçberini
çäklendirmek göz öňünde tutulmaýar. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe
dalaşgärler görkezilýär. Munuň öz saýlawlaryň giň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk
gelýändigini alamatlandyrýar. Saýlawyň açyk we aýdyň derejede geçirilmegi oňa
milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.
Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler milli parlamente, ýerli häkimiýet edaralaryna hem-de öz-özüňi dolandyryş düzümlerine halal, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş hem-de raýatlyk işjeňligi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berkidilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmak ugrunda ähli güýjüni, tejribesini, bilimini gaýgyrman işlemäge höwesi adamlaryň saýlanmagyny üpjün eder.