Türkmenistanda
täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de
Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň,
welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň 29-njy martda
geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginde dowam edýär. Milli
saýlaw kanunçylygyna hem-de tassyklanylan meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda geçiriljek
saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň
gerimli işler alnyp barylýar.
Häzirki
wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik
partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan,
raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar
guramaçylykly geçirilýär. Olaryň dowamynda iň mynasyp wekiller döwletimiziň
kanun çykaryjy edaralaryna, ýerli wekilçilikli häkimiýetlere, ýerli öz-özüňi dolandyryş
edaralaryna dalaşgärlige hödürlenilýär. Dalaşgärleriň ilat arasynda
hormatlanylýan, zähmetsöýer adamlardygyny, olaryň arasynda milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň
bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň
Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp
maslahatlaşylyp bilner. Her bir saýlaw okrugyna bir orun üçin birnäçe dalaşgär
hödürlenilýär. Bu bolsa saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçiriljekdigini
subut edýär. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary
tarapyndan bellenilen milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk we
aýdyňlyk esasynda geçirilmegini üpjün eder. Dalaşgärleri hödürlemek işi
saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda guralýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň,
döwlet edaralarynyň wekilleriniň ilat bilen geçirýän duşuşyklary muňa uly
itergi berýär.
29-njy
martda geçiriljek saýlawlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik
özgertmeleriň ýolunda möhüm ädim bolar. Bu başlangyçlar özgertmeler we
innowasiýalar ýoly bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň
yzygiderli ösüşlerini nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak saýlawlar
we dalaşgärleri hödürlemek boýunça dowam edýän işler ýurdumyzda hem-de türkmen
jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şeýlelikde,
öňde boljak saýlawlar Watanymyzyň demokratik binýadyny we döwlet
özygtyýarlylygyny has-da pugtalandyrmaga goşant goşar.