milli goshun logo
Giň gözýetime eýe hünärmenler saýlanyp alynar
26.01.2019 579 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe geçirilen işleriň netijeleri, ähli pudaklarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hem hasabat berildi. Berlen giň ygtyýarlyklardan peýdalanylyp, prokuror täsir ediş çäreleri netijeli ulanylýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik üpjün edilýär, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kanunyň hökmürowanlygyny berjaý etmekde hem-de hukuk bozulmalarynyň islendik görnüşleriniň öňüni almakda prokuratura edaralaryna aýratyn ornuň degişlidigini nygtap, bu edaranyň welaýat, şäher, etrap bölümleriniň ähli ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenen wezipäniň örän jogapkärlidigini belledi. Döwletimiz bu hukuk goraýjy edaranyň düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleriniň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli alada edýär. Şu maksatlar bilen soňky ýyllarda döwrebap edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary gurulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Işgärleriň içgin seljerilmegini hem-de saýlanyp alynmagyny amala aşyrmak gerek, olar özleriniň gönüden-göni hünär bilimlerinden başga-da giň gözýetime eýe bolmalydyrlar, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmegi üçin, şol sanda ýurdumyzyň sebitlerinde kanunylygy üpjün etmek maksady bilen talabalaýyk çäreleri geçirmegi tabşyrdy.