milli goshun logo
Sarpaly ugradyş, gadyrly çagyryş
Sarpaly ugradyş, gadyrly çagyryş
07.11.2018 1415 Habarlar | Harby özgertmeler

    Şu günler Watanperwerlik duýgusyna ýugrulan, ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän adyl syýasatymyz öz beýanyny tapýar. Ýagny, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permanyny amala aşyrmak ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby bölümlerinde, serhet birikmelerinde we harby edaralarynda gyzgalaňly dowam edýär. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ähli künjeginde ätiýaçlyga goýberilýän harby gullukçylaryň ugradylyş dabaralary, şeýle hem harby gulluga çagyrylýan raýatlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine kabul ediliş dabaralary ýokary ruhubelentlige eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri şu gün Gökdepe garnizonynda geçirildi.

    Dabara ätiýaja boşaýan harby gullukçylaryň we harby gulluga nobatdaky çagyrylýan raýatlaryň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde ýerleşýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmaklary bilen başlandy. Soňra gatnaşyjylar ady agzalan mekdepde we Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde guralan muzeýlere içgin syn etdiler. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara şol Medeniýet köşgünde Merkezi Serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň aýdymçylarynyň, Harby institutynyň harby orkestriniň, TÝG-nyň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeklerinde aýdymdyr sazlar bilen utgaşyklykda dowam etdi. Harby gullugyny göreldeli ýerine ýetirip, ätiýaçlyga boşaýan harby gullukçylara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň dowamynda etrabyň il sylagly ýaşulularyna, hormatlanýan adamlaryna, şeýle-de ätiýaja gidýän esgerlere we täzelikde kasam kabul eden ýaş esgerlere söz berildi. Olaryň her biriniň çykyşlarynyň mazmuny Watan mukaddesligine daýanýar. Dabaranyň Türkmenistanyň Döwlet Kasamy bilen tamamlanmagy bolsa, ätiýaja boşaýan harby gullukçylaryň we harby gulluga nobatdaky çagyrylýan raýatlaryň kalbynda buýsanç duýgularyny has-da artdyrdy.

«Milli goşun».