Samarkantda
geçirilýän «Şark taronalari – 2019»
(«Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň birinji
gününde dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi, şol sanda
Türkmenistana wekilçilik edýän «Arçabil» topary çykyş etdiler.
Artistlerimiz
folk stilinde özboluşly kompozisiýalaryň üçüsini ýerine ýetirdiler. Dutar,
gyjak, akkordeon we deprek sazyna Guwanç Ýazmämmedowyň aýdan aýdymy gyzgyn
garşylandy, olar türkmen artistleriniň ýerine ýetiren her aýdymyny şowhunly el
çarpmalar bilen mübäreklediler.
Urulyp
çalynýan türkmen saz gurallarynda ajaýyp sazlary nepislik bilen ýerine ýetiren
Hakberdi Allamyradowyň özbaşdak çykyşy halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň
baýramçylyk ruhuny has belende göterdi.
Anna güni, 30-njy
awgustda «Şark taronalari – 2019»
gözden geçirilişiniň ýeňijileri hem-de onda baýrakly orunlary eýelänler belli
bolar we emin agzalarynyň pikiri boýunça zehinli aýdymçy hem-de sazanda diýlip
ykrar edilen artistlere sylaglar gowşurylar.
Şol günüň özünde hem her iki ýyldan tutuş dünýä ýüzünden halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýänleri ýygnaýan Samarkant halkara gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasy bolar.