10-njy
ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Öwezow «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» kararyň taslamasyny
taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyna» laýyklykda, resminamalaryň sanawynyň işlenip
taýýarlanylandygyny habar berdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti
ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Senagat we
kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi teklip edilýär.
Pudagara
toparynyň düzgünnamasy hem işlenip taýýarlanyldy. Bu toparyň düzümine
ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler,
eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalary hem-de hususy telekeçileri
girizmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.