29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk
arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow sanly ykdysadyýet boýunça
Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde
sanly ykdysadyýet boýunça Okuw-tejribe merkezini döretmek boýunça teklip
taýýarlanyldy. Täze bilim
edarasy ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdeleriniň
hasabyna alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.
Täze Okuw-tejribe merkezinde «Elektron resminama
dolanyşygy», «Bir penjire ulgamy arkaly ilata hyzmat ediş», «Maglumatlary
seljeriş», «Pudaklaýyn elektron dolandyryş», «Sanly oba hojalygy» ýaly ugurlar
boýunça hünärmenleri okatmak göz öňünde tutulýar. Sanly ulgamyň birinji
tapgyryny Ahal welaýatynyň çäginde peýdalanmak, soňra tutuş ýurdumyz boýunça
ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.