19-njy aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer P.Agamyradow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
12-nji aprelde geçirilen hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki
ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada habar berdi.
Şu maksat bilen gysga möhletli okuwlaryň
meýilnamasy taýýarlanyldy. Okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi
ýokarlandyrmaga gönükdirilendir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we
mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy
düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.
Okuw meýilnamasyna «Türkmenistanda 2019-2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň ugurlary
we tapgyrlary, sanly ykdysadyýete geçmegiň hukuk üpjünçiligi,
maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamy, maglumat howpsuzlygy we beýleki
mowzuklar girizildi. Okuwlaryň ilkinji tapgyryna 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan
başlamak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sanly ykdysadyýetiň işgärleri taýýarlamagyň täze derejesini talap edýändigini aýdyp, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesine daýanmagyň zerurdygyny belledi.