milli goshun logo
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
30.04.2020 951 Habarlar

29-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisde deňiz arkaly ýük daşamak, logistika, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bilen «Olýa» Halkara deňiz söwda portunyň arasynda awtoparom gatnaşyklaryny guramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de onuň sanawyny giňeltmek, hususan-da, astrahanly oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň önümlerini Türkmenistanyň bazaryna getirmek hem-de Türkmenistanda öndürilen magdan däl serişdeleri we dokma harytlaryny Astrahan oblastyna ibermek bilen bagly netijeli gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlar boýunça türkmen-russiýa gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly geçirilýän işlere kanagatlanma bildirip, türkmen we astrahan işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine seretdiler.