Düýn – 21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, sebitlerde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, şu günler ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatlarda pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak babatda degişli çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatlarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.