milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
03.09.2024 158 Habarlar

Düýn – 2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamaga ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, ýygymda işlediljek kombaýnlary we hasyl daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaý ekişi, pagta ýygymy möwsümlerini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, güýzlük ekinleriň ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.