16.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy özboluşly desga arkaly ebedileşdiriler
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy özboluşly desga arkaly ebedileşdiriler
08.02.2020 395 Habarlar

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigi barada aýdyp, şu şöhratly senäni geljekki nesillerimiz ýatlar ýaly özboluşly desga arkaly ebedileşdirmek barada teklibi öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň belent ýerde, meýdançalary bolan 300 metrlik diňi gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de Ş.Durdylyýewe ýakyn wagtda onuň taslamasyny taýýarlap, gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.

Bu desganyň gurluşygy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna çenli tamamlanmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.