1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de
«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky
Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň
Sankt-Peterburg bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky
jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň we Suratkeşler birleşiginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan döredijilik topary Türkmenistandan
bardy. Dabaraly çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg
şäheriniň merliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Sankt-Peterburgda
akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet
işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.
«Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş
dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
bu eseriniň çapdan çykmagynyň Türkmenistanyň ruhy-medeni durmuşynda ähmiýetli
waka bolandygyny, milli gymmatlygymyzyň wagyz edilmeginiň iň ýokary belentligi
bolandygyny hem-de Prezidentimiziň watandaşlarymyza Türkmen döwletiniň
Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli beýik sowgadyna öwrülendigini
nygtadylar.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen
alabaýyna bagyşlanan täze eseriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň
ygrarly dosty bolan itleriň bu tohumynyň häsiýetini hem-de ähmiýetini takyk
açyp görkezýändigi aýratyn bellenilip geçildi. «Türkmen alabaýy» kitaby diňe
bir dünýäde iň gadymy görnüşleriň biri bolan itleriň bu tohumynyň gelip çykyşy
we ösüşi hakynda gürrüň etmän, eýsem asyrlaryň çuňlugyndan bäri ahalteke bedewi
ýa-da türkmen halysy bilen bir hatarda milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi
bolan alabaýyň özboluşly medeni aýratynlygyny hem açyp görkezýändir.
«Russiýa – meniň taryhym» («Россия – моя история»)
taryhy seýilgähiniň foýesinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» atly sergi
ýaýbaňlandyryldy, onda Türkmenistan hakyndaky kitaplar, türkmen suratkeşleriniň
eserleri, milli egin-eşikler, türkmen zergärleriniň elinden sünnälenip çykan
zergärçilik şaýlary görkezilendir. Şeýle hem uly ekranlarda häzirki zaman
Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri baradaky wideofilmler görkezildi.