Samarkantda
geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz
gözden geçirilişiniň ikinji gününiň maksatnamasyny Registan Plaza
myhmanhanasynda geçirilýän «Gündogaryň däbe öwrülen aýdym-sazlaryny ösdürmegiň
geljegi» atly Halkara ylmy maslahat açdy.
Samarkant
gözden geçirilişiniň çäklerinde şeýle forumlary geçirmek asylly däbe öwrüldi.
Bu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň ençemesine wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylar
Gündogar ýurtlarynyň saz ylmynyň taryhynyň we ösüşiniň wajyp meslelelerini ara
alyp maslahatlaşmak üçin bu ýere ýygnandylar.
Umumy mejlisiň
öňüsyrasynda Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Bahtiýor
Saýfullaýewiň we Samarkandyň dolandyryş edarasynyň baştutany Boburmirzo
Oblakulowyň bilelikdäki metbugat maslahatynda olar «Şark taronalari-2019»
Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň we oňa gabatlanyp geçirilýän ylmy
forumyň konsepsiýasy we medeni-magaryfçylyk wezipesi barada gürrüň etdiler,
şeýle hem žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
Türkmenistanyň
Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz we halk döredijiligi bölüminiň müdiri Arslan
Salyhow türkmen aýdym-saz sungaty barada çykyş edip, milli aýdym-saz
ýörelgelerini saklap galmagyň we ony wagyz etmegiň möhümligi barada gürrüň
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman medeniýeti ruhy we çeperçilik
tejribesiniň özara baýlaşygyndan kemala gelýär. Onuň çykyşynda gozgalan tema bu
ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.
Ylmy maslahata
gatnaşyp, onda çykyş edenleriň arasynda aýdym-saz medeniýetiniň taglymatynyň we
amalýetiniň meseleleri bilen meşgullanýan Özbegistanyň esasy sazşynaslary,
Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Eýranyň,
Russiýanyň, Gazagystanyň, Günorta Koreýanyň we başga-da ençeme ýurtlaryň
wekilleri bar.
Iki günlük
forumyň çäklerinde «tegelek stollarda» söhbetdeşlikler geçirildi we tematiki
edebiýatlar alşyldy.
Halkara forum 28-nji awgustda öz işini tamamlady.