09.08.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Şakirjan Durdyýew Daşkentde geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşda altyn medalyň eýesi boldy
Şakirjan Durdyýew Daşkentde geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşda altyn medalyň eýesi boldy
19.08.2019 1083 Sport

17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy.

Ýygyndy toparymyzyň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýew garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik bermedi. Ýaş türkmen türgeni 10 müň metr aralygy 32 minut 34 sekuntda geçip, altyn medal gazandy.