milli goshun logo
«Saglyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara
«Saglyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara
20.07.2019 397 Habarlar

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! 

Eziz watandaşlar! 

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myhmanlarymyz bilen dabaraly bellemek guwandyryjy wakadyr.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy. Siz halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň meýilnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler, täze tehnologiýalaryň, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylyşy, ylmy lukmançylygyň gazananlary bilen ýakyndan tanşarsyňyz. Bu bolsa lukmançylyk ylmyny we bilimini kämilleşdirmekde özara tejribe alyşmaga ýardam berer.

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işleri durmuşa geçirmegi dowam edýäris.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi bolan ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda zerur şertleri döretdik. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, köp möçberde maýa goýumlaryny özleşdirip, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman we saglyk maksatly serişdeleri öndürýän kärhanalary işe girizdik.

Sagdynlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan durmuş ýörelgeleridir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda asyrlaryň synagyndan geçen asylly däplerimize eýerip, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek hem-de dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürmek maksady bilen, uly işlere badalga berdik. 1995-nji ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etmek bilen, milli saglygy goraýyş ulgamynyň uzak möhletleýin ösüş ýollaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitledik. Geçen 24 ýylyň dowamynda bu maksatnamanyň tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi.

Biziň ýurdumyz dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly meselelerde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýleki iri halkara agentlikleriniň strategiýalaryny goldaýar. Bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly adamlar!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we raýatlarymyzyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Bu üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen tejribe alyşmak boýunça ýola goýlan özara bähbitli işleriň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça kämil usullar netijeli ornaşdyrylýar. Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hem berk binýady döredilip, telelukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerimizde, obalarymyzda stadionlaryň, iri sport toplumlarynyň, seýilgähleriň gurlup, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Geçirilýän bu işler biziň baş maksadymyzyň adam we onuň bagtyýar durmuşda ýaşamagy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Siz halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Halkara saglygy goraýyş merkezlerine, döwrebap orta we ýokary okuw mekdeplerine, ylmy-kliniki merkezlerine baryp görersiňiz hem-de olarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşarsyňyz.

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! 

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işiňizde, ylmy açyşlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.