Berkarar
döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, döwlet we
jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, keselleriň öňüni
alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş
tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant
goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly
zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň şu işgärlerine «Türkmenistanyň
halk lukmany» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň baş müdiriniň Halkara «Ene mähri» merkezi boýunça orunbasary Anna-Täç Ataýewna Ulugberdiýewa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň II anesteziologiýa we intensiw
bejeriş bölüminiň müdiri Musa Azizowiç
Izmaýlowa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň Kliniki barlaghana bölüminiň
müdiri Nina Myradowna Karamyşowa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmany Ogulnur Öwezowna Derýagulyýewa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmany Agaberdi Myradowa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň hirurgiýa
toplumynyň Kliniki barlaghana bölüminiň müdiri Galina Iwanowna Mamedowa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň Ylmy guramaçylyk usulyýet bölüminiň müdiri Owezdurdy Hümmedowa;
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri
müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň Ortopediýa bölüminiň lukmany Margarita Joraýewna Rahmanowa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 19-njy iýuly.