milli goshun logo
Saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ädim
Saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ädim
27.11.2018 725 Habarlar

Düýnki geçirilen wideoşekilli iş maslahatynynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 9-10-njy aprelinde Aşgabatda «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatyň ikinjisi geçiriler.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministrligine bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahatyny geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmäge ygtyýar berildi. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu halkara maslahatyny guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

«Milli goşun»