13-nji maýda
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň üç sany edarasynyň agzalygyna
saýlanylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasaty netijesinde
ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulyp,
Birleşen Milletler Guramasy ýaly iri gurama öz täsirini artdyrýar. Milletler
Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen berkeýän
gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy uly netijeleri berdi.
Maslahatda şol
ugurlarda hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn durmuş syýasatyny amala aşyrmak
boýunça toplanan milli tejribä, ony ýaýratmagyň mümkinçiliklerine hem-de ady
agzalan edaralaryň agzalygyna saýlanmak bilen baglylykda öňde durýan
wezipelere, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna dünýä giňişliginde
geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi.
Duşuşyga
alymlar, hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
mugallymlary we talyplary, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň edaralaryna saýlanylmagy döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, saglygy goraýyş we lukmançylyk-demografiýa özgertmelerini ösdürmekde, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde hem-de neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna garşy netijeli göreşi guramakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünliklerine dünýä bileleşiginde üns berilýändigine şaýatlyk edýär.