20-nji
dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş
ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi.
Bu çäre
ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar
syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti,
jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.
Şeýle hem çärä
hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Forumyň maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, fiziki işjeňlik, sagdyn iýmitlenmek, ösüp gelýän nesliň elektron enjamlaryny uzak wagtlap ulanmagynyň ýerine peýdaly ugur hökmünde olaryň boş wagtlaryny köpräk hereket etmegine çekmek, şeýle hem şol serişdeler bilen işlenilende, gigiýena talaplarynyň berjaý edilmegi babatda sazlaşykly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.