1950-nji
ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu
senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda
dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Düýn «Watan»
habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanymyz türkmen sportunyň okgunly
ösüşini belläp, dünýä sport hereketinde ileri tutulýan ugurlara ünsi çekdi,
watandaşlarymyza berk jan saglyk we berk bedenli bolmagy arzuw etdi.
Milli
Liderimiz ýaş nesliň beden taýdan işjeňligini saklamaga, türkmenistanlylaryň
saglygyny dikeltmäge hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän
çärelere uly üns berýär.
Türkmen
sportunyň taryhy ençeme onýyllyklary öz içine alýar, Aşgabatda ilkinji
welosiped sporty klubunyň, baryp, 1908-nji ýylda açylandygyny aýtmak hem
ýeterlikdir. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen Türkmenistanda sportuň dürli
görnüşleri ösdürilip başlandy, olaryň hatarynda Aziýa sebiti üçin häsiýetli
bolmadyk buzda hokkeý oýnamak, figuralaýyn typmak we kýorling bar.
Türkmen
türgenleri ýokary ähmiýetli köp sanly dünýä sport forumlaryna gatnaşýarlar hem-de
ähli ýaryşlardan diýen ýaly dürli derejeli medallar bilen gaýdyp gelýärler.
Türkmenistan
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa
geçirilýän sport syýasaty netijesinde dünýä we sebit ähmiýetli çempionatlaryň
geçirilýän merkezine öwrüldi, 2017-nji ýylyň güýzünde bolsa Aşgabatda Ýapyk
binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.
Türkmen
topragynda eýýäm iň häzirki zaman müňlerçe sport desgalary: köpugurly
toplumlar, türgenleşmek üçin ähli zerur enjamlary bolan sport zallary, ýüzüş
howdanlary, futbol meýdançalary we welotrekler hereket edýär.
Türkmenistanda
bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň bedeni we ruhy
taplaýandygyny, adamda berk erki pugtalandyrýandygyny döwlet Baştutanymyz öz
şahsy göreldesi bilen subut edýär. Şonuň üçin hem 7-nji aprel Türkmenistan üçin
üýtgeşik senedir.
Şu ýyl
Bütindünýä saglyk gününde köp sanly sport çäreleri guralar, olaryň hatarynda
Watanymyzyň ähli sebitlerini öz içine alýan däp bolan köpçülikleýin welosipedli
ýörişler has ähmiýetlidir.
Aşgabatda
milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, şunuň ýaly çärä
welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň 3 müň 500-si gatnaşar, tutuş ýurt
boýunça bolsa watandaşlarymyzyň jemi 7 müňüsi welosipede atlanyp, özleriniň
sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny ýene bir gezek görkezerler.
Seýilgählerde,
döwrebap şaýollarda we sport mekdeplerinde, köpugurly sport toplumlarynda we
medeniýet öýlerinde, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we kärhanalaryň
öňündäki meýdançalarda müňlerçe adamlar irki maşklary ýerine ýetirerler,
aýdym-sazlar ýaňlanar. Saglyk ýollaryna çykylar hem-de sportuň dürli görnüşleri
boýunça gyzykly ýaryşlar geçiriler.
Paýtagtymyzyň
we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary çeper gimnastika we sport akrobatikasy
boýunça görkezme çykyşlara tomaşa ederler, kiçi futbol we woleýbol ýaryşlaryna
gatnaşarlar, boksçularyň, dzýudoçylaryň we erkin göreş ussatlarynyň
tutluşyklaryna tomaşa ederler, küşt tagtalarynyň başyna geçip, özleriniň
aň-paýhas başarnyklaryny görkezer.
Türkmenistanda
ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi
hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreler ýaly,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde
saklanylýar.
Ýylyň-ýylyna
ýurdumyzda sport desgalarynyň sany artýar, köp sanly dürli häzirki zaman sport
düzümleri peýda bolýar, olar iň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilendir,
adamlaryň barha köp sanlysy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp
başlaýarlar.
Her ýyl
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde guralýan çärelere gatnaşmaga
höwesekleriň sany artýar. Nobatdaky saglyk güni hem halkymyza berk beden
saglygyny, şähdaçyklygy, ruhubelentligi, ýakymly duýgulary bagyşlar.
Häzirki wagtda türkmenistanlylar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanýarlar.