Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň
Prezidenti
jenap Gurbanguly
Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan
Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň
ajaýyp baýramçylygynyň geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan
gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Bu baýramçylyk giň meşhurlyga hem-de
halkara derejä eýe boldy. Ahalteke bedewleri Siziň gadymy topragyňyzyň baky
bezegi bolup, tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe boldular. Häzir Türkmenistanda
atçylygyň şöhratly däplerini dowam etmek hem-de atçylyk sportuny ösdürmek üçin
ähli şertler döredildi.
Bu ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny
doganlyk türkmen halky bilen paýlaşmaga hemişe şatdyryn. Gynansak-da, bu ýyl
men Aşgabatda geçirilen dabaralara gatnaşyp bilmedim. Şonuň üçin Tatarystan
Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden
gutlamaga hem-de Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda öňe gitmegi we gülläp ösmegi
arzuw etmäge rugsat ediň!
Pursatdan peýdalanyp, Siziň
ýurduňyzyň Tatarystan bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmegine uly üns
berýändigiňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Şol gatnaşyklar
Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we
hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Rustam Minnihanow,
Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.