milli goshun logo
Röwşen geljegiň nusgalyk ýoly
Röwşen geljegiň nusgalyk ýoly
23.09.2024 145 Habarlar

Düýn – 22-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi – beýik geljegiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha belende galýar. Şeýle beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.