Düýn geçirilen
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Mejlisiň degişli
kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylan, 2019-njy ýylyň
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek
çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Ýylyň
dowamynda dürli medeni çäreleri, halkara maslahatlary, sergileri, döredijilik
duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralary
hem-de sport ýaryşlaryny guramak, teatr we opera oýunlaryny taýýarlamak,
internet saýtlarynda «Rowaçlyk» sahypasyny açmak meýilleşdirilýär.
Milli
Liderimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy
ýyla bagyşlanan medeni çäreleriň taýýarlyk derejesine ünsi çekip, şolaryň
ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini we baý medeni mirasyny wagyz
etmekde, daşary döwletler bilen dostlukly hem-de medeni gatnaşyklaryň
berkidilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz
guralýan çäreleriň her biriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň bolmalydygyny we çuňňur
many-mazmuna beslenmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we bu
babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.