Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi.
***
«Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda çykaran 2132-nji kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipe borçlaryny, garamagyndaky bölüm hakyndaky Düzgünnamany we işgärleriniň wezipe borçlaryny tassyklamak baradaky» Karara gol çekdi.