«Işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek,
ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça
ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin
alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan
gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek
baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Şeýle hem, resminama laýyklykda,
«Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda»
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji
kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň
Hökümetiniň çözgütleriniň 2013-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 2767-nji maddasy)
güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam
etdirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli
artdyrmak hem-de ygtybarly azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk
we daşky gurşawy goramak ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine oba hojalyk önümçiliginde ekin
dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak
bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly güýzlük
ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilmegini hem-de olardan
bol hasylyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy
goramak ministrligine 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 21 müň gektarda
güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de önümleri
öndürmek barada ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen
bellenen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny we öndürilen önümleriň
şertnamalaýyn bahalar boýunça satyn alynmagyny hem-de önüm öndürijiler bilen
wagtynda hasaplaşylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr
geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag
toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň
möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň
2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň
Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we
motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini
seljermek boýunça Pudagara topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy
tassyklanyldy.