Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammet Ilamanow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesine bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny wagyz etmek, Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmak, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
1. «Galkynyş» gazetiniň we «Wozroždeniýe» žurnalynyň redaksiýasyny «Watan» gazetiniň redaksiýasyna birleşdirmeli.
2. «Watan» gazetiniň redaksiýasyny «Galkynyş» gazetiniň we «Wozroždeniýe» žurnalynyň redaksiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Işini bes eden «Wozroždeniýe» žurnalynyň wezipelerini «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň üstüne ýüklemeli hem-de «Diýar» žurnalyny türkmen, iňlis we rus dillerinde çap etmeli.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işleriň, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny wagyz etmek, Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmak, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
1. «Türkmen dili» gazetiniň redaksiýasyny «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna birleşdirmeli.
2. «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyny «Türkmen dili» gazetiniň redaksiýasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.