«Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine
laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa
goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we
ykdysadyýet ministrligi:
Türkmenistanyň
2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny
taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge;
taslamalary
düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere,
pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimliklerine 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;
agzalan
taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň
işini netijeli guramaga borçly edildi.
* * *
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda «Nesil» gazetiniň baş
redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Nesil» gazetiniň baş
redaktorynyň orunbasary Leýli Amanowna Kurbanowanyň üstüne ýüklenildi.
* * *
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça
öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk
önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly
azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak
ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary
welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary
hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
«Türkmenistanyň
halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna
laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky aşakdaky halkara
resminamalary:
1. 2018-nji
ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde gol çekilen:
— Hazar
deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji
noýabryndaky Ylalaşyga Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket
etmegi hakyndaky Teswirnamasy;
— Hazar
deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji
noýabryndaky Ylalaşyga Hazar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça
hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamasy;
— Hazar
deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji
noýabryndaky Ylalaşyga Hazar deňzinde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy
göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamasy;
2. 2019-njy
ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Diplomatik, gulluk we
ýörite pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasyndaky
Ylalaşygy;
3. 2019-njy
ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda diplomatik wekilhanalaryň
ýa-da konsullyk edaralarynyň işgärleriniň maşgala agzalaryna zähmet işini amala
aşyrmaga rugsat bermek hakyndaky Ylalaşygy;
4. 2019-njy
ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we ynsanperwer
ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistan
bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa
geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň Türkmen böleginiň düzümi
tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga
gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,
işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
başlygy Hudaýberdiýew Akmyrat Rozydurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de
ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek
duýduryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna käýinç yglan edildi.