Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan
fosforly dökünler bilen üpjün etmek hem-de mineral dökünleriň täze görnüşini
öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow
adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna
ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak
barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd»
kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe jemagat hojalygy pudagyny ösdürmek, ilatymyza edilýän
jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat
şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen
awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk
şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion
Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar
berildi.