Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke
bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmak we atşynaslyk
sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň, şol sanda daşary ýurtly
agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň
müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol
çekdi. Resminamalara laýyklykda, degişli daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň
raýatlarynyň birnäçesi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna
kabul edildi.
***
Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke
bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny
ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak
hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek
maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna
laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň nobatdaky XI mejlisi 2021-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat
şäherinde geçiriler.