Türkmenistanyň
Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Bäşim işde goýberen düýpli kemçilikleri
üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Miras» teleradioýaýlymynyň baş
redaktory Kuwwatberdi Hezziýewiň üstüne ýüklenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Garlyýew Nurmämmet Allaberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.