milli goshun logo
Resmi habar
Resmi habar
19.12.2020 594 Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny, zir-zibil gutularyny we konteýnerlerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «ITS Investment & Trading Services AG» kompaniýasy bilen şertnamany olary 2021-nji ýylyň awgust aýyna çenli getirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.