milli goshun logo
Resmi habar
Resmi habar
31.08.2020 824 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak zehinli aýdymçylar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp etdiler, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň dürdänelerini we nusgawy aýdymlary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Medeniýet merkezi» bölüminiň folklor-etnografiýa studiýasynyň 2-nji derejeli artisti Goçguly Aşyrgulyýewiç Saparow;

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Saparmyrat Güýçmyradowiç Ataýew;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güýçberdi Annaberdiýewiç Derwaýysow;

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýap geňeşliginiň Uşakýap oba medeniýet öýüniň sazandasy Mekan Jumageldiýewiç Nazarmadow;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçe medeniýet öýüniň akkompaniatory Babajan Hanmuradowiç Hanmuradow;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň tans toparynyň tansçysy Maýsa Myradowa.