Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga
gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we
buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli
bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň
16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini
şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde,
fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň,
heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat
işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek
bellenildi.
Resminama bilen ýokarda agzalan bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.