Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply
zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa
şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak
we ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek, şeýle hem
«Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi
peseltmek» maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynyň seýsmik töwekgelçiligini peseltmek boýunça Pudagara geňeş döredildi. Şeýle hem geňeşiň düzümi hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.