Türkmenistan bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen
böleginiň düzümi tassyklanyldy.