Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin, degişli
guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu halkara forumy geçirmek boýunça
döwlet guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.