milli goshun logo
Resmi habar
Resmi habar
03.10.2024 93 Habarlar

2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.