Mukaddes harby borjuny ak ýürekden
berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan
goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde,
asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji
maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby hem-de ýörite atlar
dakyldy, hünär derejeleri berildi.
***
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny
berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy,
jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary,
gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary
görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza
köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal zähmetini,
döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet
hem-de jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen
sylaglanyldy.