milli goshun logo
«Reňkleriň owazy» döredijilik sergisi
«Reňkleriň owazy» döredijilik sergisi
07.11.2019 1257 Habarlar

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Reňkleriň owazy» atly döredijilik sergisi geçirilýär. Sergide häzirki wagtda Mary welaýatynda döredijilikli zähmet çekýän, çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Mustapa Ýagşymyradowyň nakgaş we grafiki işleri görkezildi. Suratkeş bu şahsy sergä 1996-njy ýyldan, tä häzirki wagta çenli döreden 100-den gowrak işlerini hödürledi.

Mustapa Ýagşymyradowyň ilkinji sungata bolan höwesi ene-atasynyň goldamagy bilen başlanýar. Şeýlelik-de suratkeş sungata ilkinji ädimlerini ädýär. Ol 1988–1992-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini tamamlap, 1994-2000-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň Teatr-haşam nakgaşçylygy hünärine eýe bolýar. Mustapa Ýagşymyradowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okan döwründe halypalyk eden ussat suratkeşler Aman we Çary Amangeldiýewler, Şamuhammet Akmuhammedow dagylar bolupdyr.

Erkin suratkeş M.Ýagşymyradowyň «Reňkleriň owazy» atly şahsy döredijilik sergisindäki işlerinde natýurmort, peýzaž, taryhy, durmuşy temalara köp ýüzlenýändigini görmek bolýar. Zehinli suratkeşiň «Nohur» (2000), «Günebakarlar» (2017), «Üzümlik» (2018), «Kenar» (2018), «Umbardepe» (2019) atly peýzažlary we «Ir-iýmişler» (2018), «Narly bägüller» (2018), «Alma-narlar» (2018), «Sirenler» (2019) ýaly natýurmort eserleri ajaýyplygy bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýarýar.

M.Ýagşymyradow ýurdumyzyň birnäçe gözel künjeklerine gidip, şol ýerlerde çalt ýerine ýetirilýän etýudlary çekipdir. Suratkeş Balkan welaýatynyň Nohur obasynda bolan pursatynda nakgaş we grafiki etýudlary döredipdir. Bu etýudlar örän owadan çeperçilik tarapdan has janly we ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir.

Sergidäki suratkeşiň portret eserlerine seredeniňde hem suratlandyrylýan keşbiň içki duýgusyna düşünip, onuň çeper häsiýetini açyp bolýar. Ýerine ýetirilen eserler özüniň ajaýyplygy bilen tomaşaçylarda örän uly täsir galdyrýar.

Suratkeşiň «Ahalteke bedewi» (2017), «Duşuşyk», (2018), «Ýanardag» (2018) atly eserlerinde türkmen bedewleriniň gözelligi ýyndamlygy wasp edilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Mary welaýatynda ýerleşýän Soltan Sanjar, Gyzlargala, Merw taryhy ýadygärliklerini suratlandyrýan eserler ony synlamaga gelenlerde uly täsir galdyrdy. M.Ýagşymyradowyň ajaýyp eserleri onuň zehinli suratkeşdigini subut edýär.

Jemal TORYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy