milli goshun logo
Rapiscan kompaniýasynyň «Tomograph 920 CT» barlag enjamy
Rapiscan kompaniýasynyň «Tomograph 920 CT» barlag enjamy
12.12.2019 3522 Tehnologiýa

Rapiscan kompaniýasynyň täze önümi howa menzilleri ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde goşlaryň barlag ulgamyny kämilleşdirmek üçin niýetlenendir.

920 CT enjamy partlaýjy maddalary awtomatiki ýagdaýda ýokary netijelilikde anyklaýar we goraglygy üpjün edýär. Enjam jübüt energiýa (Dual-Energy) tehnologiýasyny we garyşyk algoritmleri ulanýar. Ulgam şu günde we geljekde köpçülikleýin ýerlerde döräp biljek bökdençlikleriň öňüni almak üçin sanly tomografiýa (CT) tehnologiýasyna daýanýar. 920 CT-niň arkasyndaky tehnologiýanyň ýokary derejeli howplary anyklamak ukyby bar.

920 CT-ni Rapiscan Systems howpsuzlyk barlag nokadyna (TRS) aňsatlyk bilen birikdirip bolýar. 920 CT we TRS-niň utgaşykly işledilmegi howpsuzlygy güýçlendirip we howa menzilleri ýaly köpçülik ýerleriniň parahatlygyny saklaýar. Şeýlelik bilen ýolagçylar üçin hem amatly şertleri döredip, barlag nokatlarynyň çalt we netijeli işlemegine getirýär.