16-njy aprelde
ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary
babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň
gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri
we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi.