Düýn — 14-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de adam hukuklarydyr azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, bu ugurda degişli Hereketleriň milli maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.