5-nji iýulda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Türkmen
döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A. Saparowa sportuň dürli
görnüşleri boýunça tälimçileri we türgenleri taýýarlamak meselelerine ylmy
esasda çemeleşmegiň zerurdygy babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzda
pugta maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Indi onuň ähli mümkinçiliklerini doly
herekete girizmek bu ulgamda häzirki zaman dünýä tejribesini özünde jemleýän
okatmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Geljekde bolsa ýokary hünärli professional
tälimçileri we türgenleri taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen akademiýalaryň
döredilmegi barada hem oýlanmak gerek diýip, milli Liderimiz belledi.