2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani
bilen duşuşdy.
Iki ýurduň Baştutanlary halkara we sebitdäki derwaýys meselelere, şol sanda
Owganystanda parahatçylygy gazanmak üçin Türkmenistanyň halkara
başlangyçlarynyň orny we geljegi, şeýle hem türkmen-owgan dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran netijeli syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we beýleki ulgamlarda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar,
şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan
taslamalary ýagny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TOPH) gaz
geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirjileri
hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki–Hamýap–Garkyn elektrik geçiriji
ulgamy taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn
mümkinçiliklerini
hem-de gurlan Kerki-Ymamnazar-Akina, Serhetabat-Turgundy geljekde Akina-Andhoý
we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti barada belläp
geçdiler.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýerde iki ýurduň degişli
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
arasynda söwda-ykdysady, senagat, ulag, gümrük hem-de medeni-ynsanperwer
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk babatda ondan gowrak resminamalara gol çekmek
dabarasy geçirildi.
Gol çekilen resminamalaryň içinde aýratyn hem Prezidentler Gurbanguly
Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň we
Owganystan Yslam Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny hem-de Türkmenistan
bilen Owganystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany
görkezmek bolar.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet
Baştutanlary metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.